«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek we sporty wagyz etmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýç bolup durýar.