«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili barha kämilleşýär. Biz çagalara diňe bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň berk bedenli, sagdyn ösüp kemala gelmekleri üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna hem höwes döredýäris. Muňa mekdebe çenli çagalar edaramyzda guraýan dürli sport ýaryşlaryny mysal edip alsak bolar. Geçirilýän sport ýaryşlary çagalaryň öz wagtlaryny şatlyk-şowhunly, gyzykly geçirmeklerine hem öz ýardamyny berýär.