«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Dünýä belli şahyr Genrih Geýne: «Meniň bilýän ýekeje gözelligim — saglyk» diýýär. Hakykatdan hem, adamyň bedeni-de, ruhy-da sagdyn bolanda onuň daşky görnüşi hem, ýüzi hem gözel bolýar. Çünki onuň sypaty beden sagdynlygyny, gözi bolsa ruhy sagdynlygyny açyp görkezýär. Göz içki dünýäňi, ýüregiňi we pikirleriňi görkezýän penjiredir.