«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny sazlaşykly saklamak esasy wezipeleriň biridir.