Änew — gadymy medeniýetiň ojagy

26 Mart 2024
1330

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda müňýyllyklara uzap gidýän milli gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmäge we olary geljekki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Taryhy maglumatlarda Änew medeniýetiniň müňýyllyklary öz içine alýandygy görkezilýär. Bu medeniýet öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçirip, halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkymyzyň aň-paýhasy bilen döreden taryhy we maddy gymmatlyklary, ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Bu medeniýetiň taryhy dürli döwürlerde alymlar tarapyndan öwrenilip, ekerançylygyň we maldarçylygyň şol döwrüň ýaşaýşynda esasy orun alandygy görkezilýär. Halkyň gündelik durmuşynda ulanýan dürli görnüşdäki gap-gaçlarynyň, zähmet gurallarynyň kämilleşdirilendigi, olaryň üstüniň küýzegärçilik sungaty bilen baýlaşdyrylandygy taryhy maglumatlarda beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly toýdur baýramlara, dabaralara, şanly wakalara beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzy buýsanja besledi. Bu taryhy waka bilen baglanyşykly dürli derejedäki çärelere giň gerim berilýär. Şu mynasybetli ýurdumyzda hem-de halkara giňişliginde dabaralar, forumlar, ylmy maslahatlar geçirilýär.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».