Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň bu gadymy mekanda amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan arheologiýa barlaglarynyň geçirilmeginiň 120 ýyl dolýan senesine gabat gelmeginde özboluşly many bar. Ekerançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän we ösüp kemala gelen ýeri bolan gadymy toprak bu gün ýene-de dünýäniň üns merkezinde orun alýar. Änew medeniýetiniň öwrenilişiniň taryhyna nazar salsaň, gadymy medeni ojagyň bir ýarym asyr çemesi wagt bäri dünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini görmek bolýar.
Häzirki Änew şäheriniň gündogarynda ýerleşýän gadymy ýadygärligiň demirgazyk we günorta depeleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji arheologik barlaglarynyň geçirilip başlanan we içgin öwrenilen ýerleriň biridir. Ol mis-daş asyry (eneolit döwri — b.e.öňki V-IV müňýyllyklar) üçin nusgalyk ýadygärlik hasaplanýar. Änewiň demirgazyk depesi, baryp, XIX asyryň ahyryndan bäri öwrenilip gelinýär. 1886-njy ýylda Zakaspiý ülkesiniň general-gubernatory A.W.Komarow şol depäni garym görnüşinde dikligine ikä bölýär. Esgerleriň kömegi bilen geçirilen gazuw işleri ylmy taýdan degerli netije bermese-de, A.W.Komarowyň 1888-nji ýylda Russiýanyň Imperatorlyk arheologiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminiň ýygnagyndaky çykyşynda we gazet makalalarynda Änewiň Ýer ýüzüniň gadymy medeni ojaklarynyň hatarynda durýandygy barada beýan eden maglumatlary dünýä ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.