Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň amala aşyrýan ekologiýa syýasaty halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamak, ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarys» diýmek bilen, bag ekmegiň köptaraplaýyn ähmiýetini belleýär.
Ekologiýa syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi.