Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8 Mart 2024
767

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.