HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Adalatçy hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berdi. 2-nji awgustda türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Filippinler Respublikasynyň Manila şäherinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-filippin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, parlamentara dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmek boýunça teklipler, sebit hem halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň “Rönesans Holdinge” ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Şeýle desgalaryň yzygiderli ýagdaýda gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Milli Liderimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle-de işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyryp

Täze mekdep — Türkmenistandan Täjigistana sowgat Aşgabat — Duşenbe, 1-nji sentýabr (TDH). Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu gün — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.