Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.