«Togsan dolup tamam bolsun gyşymyz»

21 Fewral 2024
1307

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgusyndan alnan bu setirde halkymyzyň pasyllar bilen baglanyşykly garaýyşlary çeper beýan edilýär. Ol togsan günläp dowam eden gyşyň tamamlanýandygyndan, ýere ýyly gidýändiginden habar berýär. Milli senenamamyza laýyklykda fewral aýynyň 21-inde gyş gutaryp, togsan dolýar. Şonda türkmeniň çarwa hasabyna görä aňzakly gyş tamam bolup, pasyllaryň soltany — ýaz hökmüni ýöredip başlaýar. Bu hasaba «togsan doldy» ýa-da «çarwa nowruzy» hem diýilýär.

Çarwa nowruzy döwri fewral aýynyň 22-sinden mart aýynyň 20-sine çenli dowam edýär. Bu döwürde maldarlaryň işleri özlerine ýetik bolýar. Olar dowarlardan owlak-guzy alýarlar. Şu döwürde howa diýseň durnuksyz bolýar. Tebigatda bahar alamatlary birbada ýüze çykmaýar, olar dura-bara peýda bolýarlar.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.