Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaçanyň, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýar etmegiň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlere hem-de kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, daýhanlary zerur bolan ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilýän işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklar berildi.