Düýn hytaýlylaryň Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa HHR-iň Merkezi Aziýa döwletlerindäki ilçihanalary hem göni wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar. Bu çärä onlaýn görnüşde birikmek arkaly paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda hem duşuşyk guralyp, oňa HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlardyr talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresiniň barşynda HHR bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alşyldy. Çykyşlarda Hytaýyň medeniýeti, daşary ýurtlar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berildi. Gazak, gyrgyz, täjik, özbek we türkmen ýaşlary bilermenlere onlaýn usulda sowallar bilen ýüzlendiler. Hytaý halkynyň Bahar baýramyny garşylaýşy hakynda görkezilen wideoşekiller dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.