Tebigaty goramak, onuň serişdelerinden aýawly peýdalanmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda içeri syýasatda öňe sürülýän ekologik ýörelgeler daşary syýasatda-da aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmenistan özünde sagdyn ekologik ýagdaýy saklamak bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle-de BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ekologiýa syýasatynyň tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini, şonuň bilen birlikde raýatlaryň abadan durmuşyny nazarlaýandygyny, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýandygyny doly tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy suw meselesinde Merkezi Aziýa üçin halkara meýilnamalary amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýär.