GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY WE ELEKTROENERGETIKA PUDAGY
Pudaklaryň durnukly ösmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle ugurlaryň biri hem gurluşyk-senagat toplumydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bu topluma aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk toplumyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, Diýarymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde her ýyl önümçilik, durmuş, medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar we durky täzelenilýär. Bu babatda syn berilýän 2023-nji ýyl Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany ýazdy.