Ýantar şaý-sepleri

24 Ýanwar 2024
1132

Demirgazygyň altyny hasaplanýan bu göze ýakymly, «güneşli» daşy adamlar göwherden hem has öň ulanypdyrlar. Häzirki zaman zergärleri bu günki gün ýantar daşyna täze äheň bermäge synanyşyp, mineraly öwrenmegi dowam edýärler.

Ýantar daşy gadymy hwoýa ýaprakly agaçlaryň şepbigidir. Mineralyň ýaşynyň ýokarky çägi 140 million ýyl ozal diýlip çaklanylýar. Ýantar bölekleri neolit döwrüniň ilatly ýerlerinden tapylypdyr. Ýaňy-ýakynda bolsa Petrozawodsk şäheriniň golaýynda ýantar daşly tapyndylaryň üsti açyldy, ýagny 100—150-den gowrak ýantar monjuklary we dürli şekilli ýantar asyklary tapyldy.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».