Akpatlawuk

18 Ýanwar 2024
1319

Türkmenistanda täsin howa şertleriniň bolmagyna Hazar deňziniň goşandy örän uludyr. Ol baý biodürlüligi, kenarýakadaky gadymy ýadygärlikleri, tebigy gözellikleriň sazlaşygy bilen bir hatarda, läbik patlawuklary bilen hem köpleriň ünsüni çekýär.

Hazaryň kenar ýakasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri läbik wulkanlardyr. Adatça, «wulkan» diýlende, garaşylmadyk ýerden ýüzlerçe metr ýokarlygyna atylyp gidýän ýa-da ergin halda ýerden çogup çykýan gyzgyn suwuk akym göz öňüňde janlanýar. Hakykatda welin, olaryň tebigatyň iň kuwwatly, iň täsin we iň howply hadysalarynyň biridigi şübhesizdir. Wulkanlar Zemin döräli bäri onuň daşky durkuny ilkibaşdakysyndan düýpgöter özgerdip gelen hadysalaryň hatarynda durýar. Olar hut häzirki günlerde-de Ýeriň daşky keşbini ýuwaş-ýuwaşdan «timarlamaklaryny», «özgertmeklerini» dowam etdirýärler. Bar bolan maglumatlara görä, mahal-mahal hyruç bilen atylyp ýa-da çogup çykýan wulkanlaryň umumy sany 1500-e ýetýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň häzirki çäkleriniň onlarça million ýyl mundan ozal, ýagny daglaryň emele gelýän döwürlerinde has güýçli wulkanlaryň mesgeni bolandygyny taryhy-geologik galyndylar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Wagtyň geçmegi bilen, kuwwatly wulkanlaryň aglabasy hereketlerini tamamlan-da bolsalar, läbik wulkanlar häzire-bu güne çenli «işlemeklerini» dowam etdirýärler. Olar, esasan, ýumşak toprakly, lüýkli läbik depeleri emele getirýärler. Tebigatyň bu hadysasyna «wulkanlar» diýilse-de, ata-babalarymyz olary «patlawuklar» diýip atlandyrypdyrlar. Çäksiz güýç bilen lagymy, tozany we ululy-kiçili daşlary ýüzlerçe metr ýokary atýan, weýran ediji wulkanlar öz başlangyjyny has çuňluklardan alyp gaýdýan bolsalar, läbik wulkanlaryň gözbaşlary 3 — 8 müň metr aralykdaky çuňluklardan başlanýar. Ýeri gelende aýtsak, wulkanlar bilen birlikde, läbik patlawuklar hem özlerine mahsus gözellikleri döredýärler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan».