Kiçi çille

18 Ýanwar 2024
1413

Türkmenleriň nesilme-nesil peýdalanyp dowam etdirip gelýän ýyldyz ýörelgesine eýerýän milli senenamasy boýunça 16-njy ýanwarda gyşyň iň uly bölegi bolan uly çille tamamlanyp, aýyň 17-sinde kiçi çille başlandy. Ata-babalarymyz kiçi çilläni örän yzgytsyz hasaplaýarlar. Sebäbi ol bary-ýogy 20 gün dowam etse-de, çarwany-da, daýhany-da aljyradypdyr. Özüniň aýazly, aňzakly we garly günleri bilen ol köpi synaga salypdyr. Kiçi çillede ýagan garyň ýeriň ýüzünde 40 günläp eremän duran ýyllary-da bolupdyr. «Gyş gazabyna tutdy, hernä yzy düzüw bolsun-da!» diýip, çarwalar şonda howanyň maýlamagyna garaşypdyrlar. Eýýäm agralyp başlan ene goýunlary alada bilen gurşap, olaryň ýyly we dok saklanmagy üçin alada baryny edipdirler. Ätiýaçlyk otuň we iýmiň aglaba bölegi hut şu döwürde sarp edilipdir. Çopanlara goşmaça adamlar berkidilipdir. Daýhanlar bolsa bu döwürde, esasan, gyşky ýuwuş suwuna üns beripdirler. Suwy ýeriň içinde doňduryp bilseň, onuň peýdasy az bolmandyr.

Bu ýyl uly çille gazabyna tutmady. Howanyň maýyllyk we sowuklyk ýagdaýy şol bir derejede saklandy. Gijelerine aýazly bolsa-da, gündizlerine maýlady. Eýsem, kiçi çilleden nähili howa garaşylýar? Köp ýyllaryň dowamynda howany we tebigatyň üýtgemelerini synçy nazary bilen degşirip-deňeşdirip gelýän ýaşulularymyz bu ýyl kiçi çilläniň-de gazabyna tutmajagyny aýdýarlar. Ýagny Aralyk ýyldyzynyň daňdan ýaşýan wagty ol birneme öçügsi görünýär. Soň hem sähranyň penarak ýerlerinde eýýäm garynjalar görnüp başlapdyr. Agşam uka gidýän serçeler säher bilen örüp-örmän, şadyýan saýraşýarlar. Daş-töweregimizde bolup geçýän üýtgeşmelerden, alamatlardan ata-babalarymyz, ine, şeýle özboluşly netije çykarmagy başarypdyrlar. Şeýle-de bolsa çarwalar kiçi çilläniň her bir güni geçende, göýä üstlerinden ýük aýrylan ýaly, özlerini ýeňil duýup başlapdyrlar. Gyşyň örküji hasaplanýan kiçi çille sowlanda, gyşyň gutardygy diýlip düşünilýär. Şeýlelikde, 7-nji fewrala çenli dowam edýän kiçi çille gyşyň iň bir aýgytly döwri hasaplanýar. Aýratyn-da, bu möwsümiň ahyry fewral aýynyň başy bolansoň, howanyň öwzaýy örän çalt üýtgeýär. Bu döwürde her dürli tebigy hadysalar ýüze çykyp durýar. Şoňa görä-de, pederler gyşyň gyşlygyny bildirýän günlerinden ätiýaçly bolmagy ündäpdirler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».