Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ekilýän dürli baglardyr güller obalarymyzyňdyr şäherlerimiziň gözelligine görk goşýar. Owadan, kaşaň binalaryň öňlerinde, köçeleriň gyralarynda beýleki baglar bilen bilelikde, palmalar hem ekilip, olaryň sany gitdigiçe köpelýär.
Palmalar, esasan, tropiki we subtropiki ýerlerde ösýän agaçdyr. Tebigatyň gözelligine özboluşly görk goşýan, bezeg agajy bolan palmalar özüniň daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýarlar.