Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli ýurdumyzyň gündogar çetinde ýerleşýän Köýtendag jülgesi tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Köýtendagyň asyrlaryň syrlaryny goýnunda saklaýan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhymyzyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen gaýalar bilen berk gurşalan täsin ýerleri göreni haýrana goýýar.
Köýtendagyň geografiki ýerleşişi - Köýtendag gündogarda Täjigistanyň, Özbegistanyň çäklerinde günbatara uzalyp gidýän Gissar dag ulgamynyň iň günbatarky bölegi - kiçeňräk gerşi bolup durýar. Köýtendag Gissar dag ulgamynyň umumy ulgamynyň uzalýan ugrundan tapawutlylykda demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugrugyp gidýändir. Dag gerşi bilen uzalyp gidýän jülgäniň düýbünden Köýten derýasy akyp, Köýtendagyň günbatarynda tebigy çäk emele getirýär. Köýtendag demirgazyk-gündogarda geriş şekilini ýitirmän, doganlyk ýurt bolan Özbegistanyň çäklerine geçip gidýär. Umuman, Köýtendagyň suw bölüji gerşinden Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçägi geçýär. Bu gerşiň iň beýik depesi 3139 metr belentlikdäki Aýrybaba depesidir. Aýrybaba ýurdumyzyň çäklerindäki iň beýik depe, ýagny Türkmenistan Watanymyzyň iň beýik nokady hasaplanylýar. Köýtendag demirgazykdan günorta tarap uzalyp, günortada Şirbat, günbatarda Köýten derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Onuň uzynlygy 85-100 kilometre, ini bolsa 25-30 kilometre golaý hasaplanýar. Köýtendagyň günorta eňňidi dik diwar görnüşli, belent uçutly, kert gaýaly, günbatar eňňidi bolsa munuň tersine, ýapgyt bolup gidýär we Köýten derýasyna tarap kem-kem peselýär. Köýtendagyň gündogar we günorta eňňitleri kert gaýalar bilen eňip gidýän bolsa, onuň günbatarsy ýuwaş-ýuwaşdan peselýän eňňitligi bilen tapawutlanýandyr.