«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl syýasy we ykdysady ugurlarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna ýazylýar.
18-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Habar berlişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýazky oba hojalyk işlerinde peýdalanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, onuň bellenilýän günlerinde bazarlary, dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, aýlyk zähmet haklaryny öz wagtynda tölemek hem-de ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.