Aşgabat, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.