Aşgabat, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.