Arkadag şäheri, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu günler paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet berilýär. Şunda dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.