Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.