Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Geljekde-de mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda ähli zerur işler amala aşyrylar

11 Dekabr 2023
946

Şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň aýdan bu sözleri Watanymyzyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen okgunly öňe ilerlemeginiň eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň wakalarynda aýdyň şöhlelenýär.

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýram günlerinde bazarlaryň, dükanlaryň azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeler berildi.

(TDH)
Beýleki habarlar