Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

11 Dekabr 2023
1335

Arkadag şäheri, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde alnyp barylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde, şäheriň ekologik derejesiniň häzirki zaman talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk derejede saklanmagy ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler öz oňyn netijesini berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

Beýleki habarlar