Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň on bir aýynda milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.