Gazak ýük daşaýjylary päsgelçiliksiz üstaşyr geçmek üçin Türkmenistan we Eýran arkaly Ýewropa çykýarlar. Bu barada 5-nji dekabrda Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Sathan Ablaliýew hökümet ýygnagynda habar berdi.
Sathan Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükler babatda ulag ulgamynda oňyn ösüş depgini ýokarlandy. Mysal üçin, 2022-nji ýylda gazak ýük daşaýjylarynyň bu bazardaky paýy 13% ýokarlandy we 48% deň boldy.