Ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikleri

7 Dekabr 2023
2407

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatiýalar dabaralanýar. Ekologiýa diplomatiýasy şolaryň iň esasylarynyň biridir.

Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty dürli ugurlar boýunça ösýär we kämilleşýär. Ýurdumyz ekologiýa diplomatiýasyna BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy ýagdaýlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berip, bu ugurda ylmyň gazananlaryna esaslanýan döwlet syýasatyny alyp barýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny, çölleşmä garşy göreşmegi, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamagy, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiki köpdürlüligini goramagy hem-de birnäçe beýleki möhüm wezipeleri özünde jemleýär. 

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.