Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň II Ýaşlar ylmy kongresi geçirildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Malaýziýa, Nigeriýa, Pakistan, Saud Arabystany, Müsür, Indoneziýa, Marokko, Mozambik, Tunis, Uganda, Bangladeş, Burkina Faso ýaly ýurtlardan ýaş alymlaryň 150-sini bir meýdança jemlän foruma Türkmenistandan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Indi ikinji gezek geçirilen kongresiň maksady Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde ylmy ugurly halkara gepleşikler meýdançasyny döretmekden ybaratdyr. Şähergurluşyk, bilim ulgamyndaky häzirki zaman tehnologiýalary, nebit we gaz tehnologiýalary, lukmançylyk ulgamynda döwrebap çemeleşmeler ýaly mowzuklar forumyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy G.Garaýew hem-de ikinji ýyl talyby I.Lurýew kongresiň nebitgaz tehnologiýalaryna bagyşlanan sessiýasyna gatnaşdylar. Umumy mejlis Kazan federal uniwersitetinde guralyp, onda dürli derejeli hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Iş sessiýalary bolsa maslahatyň ähli wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda geçirildi. Olarda ýaş alymlara kesgitlenen mowzuklar boýunça sowal-jogap alyşmaga, teswirler bilen çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Umuman, forumyň hemme mejlislerinde bilim edaralarynyň häzirki jemgyýetdäki ornundan başlap, olary geljegiň innowasion bilim merkezlerine öwürmegiň dürli jähetleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.