Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.