Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol Milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi. Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat, Gümrük kodekslerine, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.