Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem 25-nji noýabrda geçiriljek Mejlisiň dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň hem-de “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, birnäçe kodekslere, beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.