Aşgabat, 20-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.