Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine laýyklykda, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleri nazara almak esasynda amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Şeýle hem halkara düzümler we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Hususan-da, Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň, BAE-niň “Hidaýah” halkara merkeziniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň wekilleri ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly sebitleýin taslama boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça geçiren iş duşuşygyna we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin strategik meýilleşdiriş we baha beriş bilen bagly guran okuw maslahatyna, Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşdylar.