Arkadag şäheri, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda-da düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.