Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabatda we onuň töwereklerinde giň möçberli özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.