Türkmen topragy ösümlik dünýäsine baýdygy bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem reýhandyr. Reýhan — gök ekinlere degişli bolup, iýmitlik we dermanlyk häsiýeti boýunça gadymy döwürlerden bäri bellidir. Reýhan ösümligi irki döwürlerde Eýranyň, Hindistanyň we Aziýanyň tropiki etraplarynda 5 müň ýyl mundan ozal giňden ulanylyp, XVI asyrlarda Ýewropa döwletlerinde giňden ýaýrapdyr. «Reýhan» ösümliginiň ady grek dilinde «patyşa» diýen sözden gelip çykyp, oňa ysly otlaryň şasy diýipdirler. Hindistanda bolsa reýhan ösümligini keramatly hasaplapdyrlar. Şol döwürler aşpezler bu ösümligi terligine we guradylan görnüşde dürli tagamlary taýýarlamakda peýdalansalar, lukmanlar ys beriji, bezeg, dermanlyk we reňk almak üçin giňden ulanypdyrlar.
Häzirki döwürde ylmyň, tehnikanyň ösmegi bilen reýhan ösümliginiň dürli häsiýetleri giňden öwrenildi. Aýratyn hem reýhanyň dermanlyk häsiýetleri barada dürli edebiýat çeşmelerinde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.