Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

13 Noýabr 2023
1282

Arkadag şäheri, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunuň bilen baglylykda, obalaryň we şäherleriň durky täzelenip, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde halkymyz üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegini nazarlaýan durmuş syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Ähli görkezijiler babatda ösen halkara ülňülere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäheri bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamata beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Täze şäherde dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň döwrebap derejede bolmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň töwereginde bar bolan ulag ýollarynyň durkuny täzelemek, täze ýollary çekmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýär.