Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

9 Noýabr 2023
1243

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli döwürde görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen bilelikdäki harby okuw türgenleşigi barada hem hasabat berildi. Bu okuw türgenleşigi goşunlaryň ähli kysymlarynyň, «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň düzüm birlikleriniň harby gullukçylarynyň ýokary hünär derejesini görkezdi.