Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.