Arkadag şäheri, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.
Irden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde berilýän sadaka gatnaşmak üçin bu ýerdäki “Märkaw” myhmanhanasynyň degişli çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerine geldi.