Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
«Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak babatda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. «Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp, doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde görnükli işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmäge, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik guramalarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmäge, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermäge, meýletinçilik hereketini ösdürmäge uly goşant goşan, eneligiň we çagalygyň bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniňdir çaganyň abraýynyň, mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren raýatlar sylaglanylýar.