Aşgabat, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2023-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler ýerine ýetirildi. Şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi.