Aşgabat, 2-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.