Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny açyp, oňa gatnaşyjylary eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.