Arkadag şäheri, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan usullaryň ulanylyşyny synlady.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi we bu işler batly depginlerde dowam etdirilýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň netijeliligi we köptaraply häsiýeti Arkadag şäheriniň sazlaşykly ösüşinde öz beýanyny tapýar.