Dostlukly gatnaşyklaryň miweleri

17 sagat öň
18

Ata Watanymyzyň daşary syýasatynda Ýakyn Gündogar sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýeti we özboluşly medeniýeti bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilim hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryndan ybarat topar dostlukly ýurduň ady agzalan Diplomatik Akademiýasynda okuw sapaklaryny geçdiler.

«Halkara aragatnaşyklar: BAE-niň syýasaty, medeniýeti we ykdysady ugurlary» atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň geçen sapaklary diýseň täsirli boldy. BAE-niň Halypa diplomatlar geňeşiniň başlygy doktor Saýid Al Şamsiniň dostlukly döwletiň taryhy, daşary syýasatynyň esasy ugurlary, medeniýeti, ykdysadyýeti boýunça beren sapagy bizde uly gyzyklanma döretdi. Akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýuminiň, Ýakyn Gündogaryň syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy Obaýd Al Dhanhaniniň, doktor Sara Çehebiň dürli ugurlardan eden çykyşlary biziň üçin özboluşly tejribe boldy.

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.