HABARLAR

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly bolar

2024-nji ýylyň soňky hepdesi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň düzümlerini kämilleşdirmäge, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerinde alnyp barylýan işlere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmelidigini, gowaça ekişine bellenilen talaplara laýyklykda taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyrag

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň netijesinde Watanymyz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 16-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginine, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine garaldy. Oba hojalyk möwsümindäki işleriň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň alnyp barlyşyna, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdü

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.